Antarktidada metanyň uly möçberde çykýan ýeri tapyldy

  • 16.02.2025 00:50
  • 8.5k+

Antarktidada ilkinji gezek ozal Arktikada tapylan territoriýalara meňzeş uly möçberde metanyň çykýan ýeri tapyldy. Alymlar bu açyşy «klimat partladyjysy» diýip atlandyrdylar diýip, «El País» neşiri habar berýär.

Ispan ylmy ekspedisiýasy Antarktidanyň ýakasyndaky deňizde gaz sütünlerini tapdylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu sütünleriň uzynlygy 700 metre, ini bolsa 70 metre ýetýär. Bu sütünler Ýeriň howasynyň üýtgemegine uly täsir ýetirip bilýärler.
Antarktidada Ýeriň ýüzüne çykýan metan, takmynan 20 müň ýyl mundan ozal yklymyň düýbünde ýygnanmaga başlapdyr. Şol döwürden bäri ýerasty gatlakda takmynan 24 gigatonna (Gt) uglerod üýşüpdir.
Şeýle uly mukdardaky metan adamzat sebäpli iki ýylyň dowamynda atmosfera garyşyp biler. Gazyň näçeräk tizlikde Ýeriň ýüzüne çykýandygy barada alymlar anyk maglumat bermediler. Ýöne gazyň ýerasty döwükler arkaly hem ýokarlygyna galyp biljekdigini belläp geçdiler.
Gazyň atmosfera garyşmagy diňe bir howanyň üýtgemegi üçin howply bolman, eýsem deňziň düýbünde hem durnuksyzlyga sebäp bolýar. Bu ýagdaý kontinental eňňitlerde süýşgünlere getirip, netijede tsunamileriň (joşgunlaryň) emele gelmek howpuny hem artdyryp biler.


18.02.2026 09:22
3.9k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

16.02.2026 15:06
9.6k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

15.02.2026 17:58
5.4k+

Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär...

05.02.2026 18:47
8.6k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...