“Garri Potter” üçin Albus Dambldor tapyldy: ol “Altyn globusyň” eýesi Jon Litgou bolup biler

  • 16.02.2025 00:53
  • 5.3k+

Warner Bros. kompaniýasy geljekki “Garri Potter” serialynyň kasting işini doly tamamlady diýen ýaly. Garriniň, Ronuň we Germionanyň rollary üçin gözleg heniz dowam edýär, ýöne awtorlar Hogwartsyň müdiri we iň güýçli jadygöýleriň biri Albus Dambldoryň roluna esasy dalaşgäri tapdy diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, iň akylly jadygöý 79 ýaşly aktýor Jon Litgou bolup biler. Häzir ol serialyň awtorlary bilen soňky gepleşikleri geçirýär. Artist “Dekster” serialynda zalym Artur Mitçelliň roly bilen bellidir. Bu keşbi üçin ol “Altyn globus” we “Emmi” baýraklaryna mynasyp boldy. Litgou “Gül Aýynyň ganhorlary” (Убийцы цветочной луны) we “Konklaw” (Конклав) ýaly meşhur filmlerde-de oýnady.
Öň, Dambldoryň roluna abraýly britaniýaly aktýor we “Içaly köprüsi” filminde ikinji plandaky iň gowy keşp üçin “Oskar” baýragyny alan 65 ýaşly Mark Raýlens hem göz öňünde tutulypdy.
“Garri Potter” serialy 2027-nji ýylyň başynda birinji möwsümiň çykmagy bilen başlar. Taslamanyň şouranneri “Mirasdüşerleriň” ssenariçisi Françeska Gardiner bolar, ýazyjy Joan Rouling bolsa maslahatçy hökmünde çykyş eder.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....