PUBG 2024-nji ýylda rekord derejede $689 mln girdeji gazandy

  • 15.02.2025 20:12
  • 5.8k+

PUBG oýny 2024-nji ýylda maliýe taýdan ajaýyp netijeleri görkezdi. Krafton kompaniýasynyň maliýe hasabatyna görä, ýylyň dowamynda umumy girdeji 689 million dollar boldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende kompaniýanyň girdejisi 41,8% artdy. Bu sanlar oýnuň taryhyndaky iň ýokary görkezijilerdir diýip, «Business Wire» neşiri habar berýär.

Esasy üstünlik PUBG franşizasy bilen baglanyşyklydyr. Oýun dünýä boýunça millionlarça oýunçyny özüne çekmegi dowam edýär. Hususan-da, kompýuter we konsol wersiýalarynyň girdejisiniň ep-esli artandygy bellenilýär. Girdejiniň esasy bölegi hut şu platformalardan gelip gowşupdyr.
Şeýle-de oýnuň mobil görnüşi bolan PUBG Mobile hem uly rol oýnady. Bu ugurda gazanylan üstünlikler hem Krafton kompaniýasynyň umumy ösüşine uly täsir etdi. Häzirki wagtda mobil oýunlaryň meşhurlygy barha artýar we PUBG Mobile henizem iň köp isleg bildirilýän oýunlaryň biri bolmagynda galýar.
Mundan başga-da oýnuň işläp düzüjileri oýunçylaryň gyzyklanmasyny ýitirmezlik üçin yzygiderli täze üýtgeşmeleri hödürleýärler. Mysal üçin, golaýda ulanyjylara Söýgüliler gününe bagyşlanan ýörite eşikler (skinler) hödürlendi. Şeýle täzelenmeler köne oýunçylary oýunda saklamaga we täze oýunçylary bolsa özüne çekmäge ýardam berýär.
PUBG görkezen netijeleri bilen geň galdyrmaga dowam edip, oýun pudagynyň iň üstünlikli taslamalarynyň biri bolmagynda galýar.

şu gün 17:02
937

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

düýn 22:44
4.4k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.7k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......