«Wagtyň çarhy» serialynyň üçünji möwsüminiň treýleri çykdy

  • 15.02.2025 18:35
  • 3.4k+

Amazon Prime Video 13-nji martda görkezilip başlanjak «Wagtyň çarhy» (Колесо времени) serialynyň üçünji möwsüminiň treýlerini hödürledi.

Treýlerde Moreýniň geljek baradaky görüşler bilen ejir çekýändigi hem-de Randyň öz ykbalyny ýerine ýetirmäge çalyşýandygy görkezilýär. Ol ýagtylygy saýlarmy ýa-da garaňkylygyň özüni tüketmegine ýol berermi – bu serialyň indiki bölümlerinde belli bolar.
Täze bölümleriň wakalary esasan Robert Jordanyň «Beýgelýän kölege» (Восходящая тень) atly kitabyna esaslanýar. Wakalar Aýil çöllüginde, port şäheri Tançikoda we gadymy şäher Ruidinde bolup geçýär.
«Wagtyň çarhy» serialy ilkinji gezek 2021-nji ýylda görkezildi. Taslamanyň döredijisi we ýerine ýetiriji prodýuseri hökmünde Reýf Jadkins çykyş edýär.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....