Nýu-Ýorkda haýwanlar tarapyndan çekilen suratlar auksionda satylar

  • 15.02.2025 15:04
  • 9.4k+

Nýu-Ýorkdaky haýwanat bagy haýwanlar tarapyndan döredilen suratlary satmak üçin auksion geçirer. Edaranyň sosial ulgamlarynda eýýäm käbir işler görkezildi diýip, UPI agentligi ýazýar.

15-nji martda haýwanat bagy haýyr-sahawat gala-agşamyny geçirip, onda haýwanlaryň döredijiligini hödürlär. Bu suratlar pingwinler, kapibaralar (suw jojuklary), žiraflar, leniwesler we beýleki haýwanlar tarapyndan çekildi.
Haýwanat bagynyň işgärleri haýwanlary surat çekmäge ruhlandyrmak üçin dürli usullaryň ulanylýandygyny gürrüň berdi. Mysal üçin, pingwinleri iýmit ýa-da lazer görkezijisi bilen höweslendirip bolýar.

“Biziň suratkeşlerimiz yhlasly zähmet çekip, haýwanlaryň sungat eserleriniň auksiony üçin öz ajaýyp eserlerine soňky öwüşginleri goşýar” – diýip, edaranyň sosial ulgamlarynda bellenilýär.

Suraty satyn almak isleýän, ýöne gala-agşamyna gatnaşyp bilmeýänler onlaýn ýagdaýda goýum edip biler. Alnan serişdeler haýwanat bagynyň we onuň ýaşaýjylarynyň goldawyna gönükdiriler.


düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......