Çiliniň kenarynda kitiň agzyna düşen ýaş ýigit aman galmagy başardy

  • 15.02.2025 13:36
  • 20k+

Çiliniň Patagoniýa kenarýakasyndaky Magellan bogazynda 24 ýaşly Adrian Simankas täsin wakanyň baş gahrymany boldy. Ol birnäçe sekuntlap äpet kitiň agzyna düşdi. Bu ajaýyp pursat wideo düşürildi diýip, «The Guardian» neşiri habar berýär.

Adrian Simankas kakasy bilen bile El-Agila aýlagynda gaýyk bilen ýüzüp ýördi. Şol wagt duýdansyz ýagdaýda äpet kit suwuň ýüzüne çykyp, ony agzyna aldy. Iki-üç sekunt geçenden soň bolsa, haýwan oňa hiç hili zyýan ýetirmezden yzyna gaýtaryp goýberdi.
Şol wagt golaýda Adrianyň kakasy hem durdy. Ol oglunyň başyna gelen bu täsin wakany wideo düşürdi. Oglunyň sag-aman halas bolanyna gözi ýetensoň, kakasy oňa «Rahatlan, Rahatlan» diýip aýdýar.
Hadysadan soň, Adrian başyndan geçiren zatlaryny «Associated Press» habar gullugyna gürrüň berdi: «Men ölendirin öýtdüm. Meni ýuwutdy diýip pikir etdim» diýip, ol şol pursatky duýgularyny paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, ol äpet süýdemdirijiniň çygly boşlugynda galypdyr we ol ýerde üýtgeşik sesleri eşidipdir.
Ol birnäçe sekundyň dowamynda başdan geçiren «elhenç» duýgularyny beýan edip, hakyky gorkynyň diňe suwuň ýüzüne çykanynda başlandygyny aýdýar. Ol kitiň kakasyna zyýan ýetirerinden gorkandygyny hem-de buz ýaly suwlarda jan bermekden howatyrlanandygyny boýun alýar.
Ataly ogul sag-aman kenara çykdylar. Bu wakadan olaryň alyp galan ýeke-täk zady «gorky» boldy.

şu gün 09:56
5.7k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

düýn 22:20
4.5k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

düýn 18:47
4.5k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

düýn 16:12
3.8k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......