Duolingo platformasy Duo baýguşynyň “ölümi” barada habar berdi: ulanyjylar gynanç bildirýär

  • 15.02.2025 12:05
  • 5.7k+

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen meşhur Duolingo hyzmaty sosial ulgamlarda öz tumarynyň – wirtual ýaşyl baýguş Duonyň “ölendigini” habar berdi. Işläp düzüjiler guşuň “duşmanynyň köp bolandygyny” aýdyp, onuň, ähtimal, “sapagy öwrenmegiňize garaşmakdan” ölendigini çaklady. Bularyň ählisi hyzmata ünsi çekmek üçin işe girizilen täze marketing kampaniýasynyň bir bölegi boldy.

Habarda “häkimiýetleriň” ölümiň sebäbini derňeýändigi, programmany işläp düzüjileriň bolsa olara “doly ýardam berýändigi” aýdylýar.
Gyzykly ýeri, Duolingo akkaunty hatda awataryny üýtgedip, gözüniň deregine atanak bolan we dilini çykaryp duran baýguşy şekillendirdi. Şeýle şekil soňky täzelenmeden soň smartfonlardaky programma nyşanynda hem peýda boldy.
Duolingo wekilleri munuň täze marketing kampaniýasynyň bir bölegidini tassyklady, ýöne mundan beýläkki ädimler barada maglumat bermedi. Ähtimal, kompaniýa diňe tumaryň dizaýnyny täzelär ýa-da täze bir personažy hödürlär.
Duolingo öz marketing kampaniýalarynda, köplenç, herekete çagyryjy degişmä ýüzlenýär. Mysal üçin, programma wagtal-wagtal ulanyjylara, sapagy öwrenmeseler, baýguşdan “haýbatly” hatlary iberýär. Duolingo-dan gelýän bu talapkär puş-habarnamalar köp sanly degişmeler üçin sebäp boldy. Käwagt şeýle habarnamalar passiw-agressiw häsiýete hem eýe bolýardy. Ýöne işläp düzüjiler hut şeýle formatyň has täsirli bolandygyny belleýär.
Häzir bolsa, Duonyň “ölümi” barada habar bermek bilen, kompaniýa ýene-de seslenme döretdi. Ulanyjylar ýüregedüşgünç baýguşdan dynandygyna begenýänlere we bu ölümde özüni günäkärleýänlere bölündi.
Baýguşyň ölendigi baradaky post sosial ulgamlarda millionlarça laýk we tomaşa aldy, beýleki brendler hem bolup geçen wakanyň öz wersiýalaryny hödürläp, dürli memleri ýaýratdy. Duolingo bilen ýakynda hyzmatdaşlyk eden Netflix hem baýguşy “Kalmar oýnunyň” gatnaşyjylarynyň sanawyndan aýyrdy.
Duolingo 2012-nji ýylda işe girizildi we öz mugt sapaklary hem amatly ykjam goşundysy bilen çalt meşhurlyk gazandy. 2024-nji ýyla çenli işjeň ulanyjylaryň sany 100 milliondan, tölegli ulanyjylaryň sany bolsa 8 milliondan geçdi.
Işläp düzüjiler The Verge neşiri bilen söhbetdeşlikde baýguşy parasatlylygyň alamaty hökmünde saýlandyklaryny aýtdy. Duo brendiň tanalýan nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de, personaž döredilende ýaşyl reňkiň degişme hökmünde saýlanandygy hem bellärliklidir – kompaniýany esaslandyryjylaryň biri Sewerin Haker bu reňki ýigrenýär eken.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......