Hindistanly milliarder Ambaniniň maşgalasy Aziýada iň baý maşgala boldy

  • 15.02.2025 11:50
  • 15k+

Hindistanly milliarder Mukeş Ambaniniň maşgalasy Aziýanyň iň baý 20 maşgalasynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Sanaw Bloomberg agentligi tarapyndan hödürlendi we oňa Hindistandan, Tailanddan, Hytaýdan, Indoneziýadan, Malaýziýadan we beýleki ýurtlardan iň barly adamlar girdi.

Hindistanda iň uly senagat konglomeratlarynyň biri bolan Reliance Industries-e eýeçilik edýän Ambaniniň maşgalasynyň maliýe aktiwleri 90,5 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Ikinji orny 42,6 mlrd dollar baýlyk bilen Tailanddan Çerawanont maşgalasy eýeleýär. Ol azyk harytlaryny öndüriji Charoen Pokphand kompaniýalar toparyna eýeçilik edýär we bütin Aziýa boýunça telekommunikasiýa işini alyp barýar. Reýtingde üçünji orny eýelän indoneziýaly bankir Hartononyň maşgalasynyň kapitaly 42,2 mlrd dollara barabar.
Ambaniden başga-da, Bloomberg sanawyna Hindistandan ýene alty milliarderler maşgalasy girdi. Bu ýurtda milliarderleriň umumy baýlygy soňky 10 ýylda üç esse artyp, 905,6 mlrd dollara ýetdi. Bu döwürde hindi milliarderleriniň sany iki esse artyp, 300-e golaýlady. Häzirki wagtda ýurtda kapitaly 1 mlrd dollardan gowrak bolan 108 maşgala kärhanasy resmi taýdan hasaba alnan. Bu kärhanalar Hindistanyň ykdysady ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýeledi we ýurduň ykdysadyýetiniň üýtgemegine uly täsir etdi.
Çaklamalara görä, geljek on ýylda Hindistanda milliarderleriň sany artmagyny dowam eder.


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

22.03.2026 08:09
4.6k+

Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...

20.03.2026 20:04
5.9k+

Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy

«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...