“Godzilla: Minus bir” filminiň režissýory uly býujet bilen onuň dowamyny düşürer

  • 15.02.2025 11:30
  • 2.2k+

Ýaponiýaly režissýor Takasi Ýamadzaki Godzilla hakynda täze film düşürmek isleýär. “Oskar” baýragyna eýe bolan “Godzilla: Minus bir” filmini dörediji täze kartina üçin eýýäm ssenariý ýazýandygyny tassyklady, ýöne önümçilik barada giňişleýin maglumat bermedi.

Ýamadzaki Toho studiýasynyň filmiň dowamy üçin bary-ýogy 15 mln dollara düşürilen ilkinji filmden has uly býujet bölüp berendigini aýtdy. Bu “Godzilla: Minus bir” filminiň prokatda, takmynan, 113 mln dollar ýygnap, uly üstünlik gazanmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu film hatda iň gowy wizual effektler üçin “Oskar” baýragyna mynasyp bolup, tomaşaçylardan we tankytçylardan ýokary baha aldy.
Godzilla baradaky täze filmiň heniz çykjak senesi-de belli däl.
Şol bir wagtyň özünde, Universal studiýasy hem “Godzilla vs. Kong” filminiň üstünde işleýär, onuň premýerasy 2027-nji ýylyň 26-njy martynda bolar.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....