Samsung dünýäniň iň uly reňkli elektron kagyz displeýini tanyşdyrdy

  • 14.02.2025 23:13
  • 3.9k+

Integrated Systems Europe (ISE) 2025 sergisinde Samsung Electronics kompaniýasy köp sanly özboluşly tehnologiýalary tanyşdyrdy. Olaryň arasynda dünýäniň iň uly reňkli elektron kagyz displeýi hem bardy. EMDX modelleriniň hataryna girýän täze enjam energiýa tygşytlaýjy aýratynlyklary hem-de ösen tehnologiýalary bilen ünsleri özüne çekdi diýip, «TechSpot» neşiri habar berýär.

Samsung-yň 75 dýuýmlyk reňkli elektron kagyz (E-Paper) displeýi statik şekilleri görkezýän wagty energiýa sarp etmeýär. Diňe mazmun üýtgedilende energiýa sarp edýär. Bu aýratynlyk ony jemgyýetçilik ýerlerindäki açyk mahabat bannerleri, maglumat stendleri we beýleki täjirçilik maksatly ulanyşlar üçin ajaýyp çözgüde öwürýär. Displeý 5K çözgüdi hem-de 16:9 in-boý ölçegini goldaýar we ýokary hilli şekilleri görkezip bilýär.
EMDX hatarynda kiçi ölçegli – 13, 25 we 32 dýuýmlyk modeller hem bar. Ähli enjamlar 5000 mAh göwrümli batareýa, zarýad bermek we maglumat geçirmek üçin iki sany USB-C port, 8 GB içerki ýat hem-de Wi-Fi we Bluetooth goldawy bilen enjamlaşdyrylandyr. Tanyşdyrylan displeýleriň önümçiliginde 50%-den gowrak gaýtadan işlenen plastmassa ulanylypdyr we olaryň gaplamalary dolulygyna kagyzdan taýýarlanypdyr. Bu kompaniýanyň ekologiýa baradaky seresaplylygyny görkezýär.
Şeýle hem Samsung bilim we işewürlik üçin niýetlenen gurallara emeli aň ornaşdyrylan 2025-nji ýyl interaktiw displeýini (WAFX-P modeli) tanyşdyrdy. Enjam Android 15 operasion ulgamynda işleýär we ekrandaky şekiller boýunça gözleg geçirmek hem-de tekstleri terjime etmek üçin niýetlenen «Circle to Search», şeýle-de leksiýalaryň ýa-da ýygnaklaryň gysgaça mazmunyny taýýarlamak üçin niýetlenen «AI Summary» ýaly funksiýalary goldaýar.
Bulardan başga-da, Samsung 115 dýuýmlyk 4K Smart Signage (QHFX modeli) displeýini hem tanyşdyrdy. Bu enjam 16:9 in-boý ölçegini, multi-view (4-e bölünen penjire) funksiýasyny we QLED 4K çözgüdi goldaýar. Enjamyň iň ýokary ýagtylygy 700 nit bolup, ol Tizen OS 8.0 operasion ulgamynda işleýär.
ISE 2025 sergisi Samsung kompaniýasy üçin energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan amatly we innowasion tehnologiýalaryny görkezmek üçin uly mümkinçilik boldy.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...