Adobe tekstden wideo döredýän generatoryny hemmä elýeterli etdi

  • 14.02.2025 23:10
  • 1.8k+

Adobe kompaniýasy tekst arkaly wideo döretmäge mümkinçilik berýän generatorynyň indi hemmeler üçin elýeterlidigini we Firefly emeli aňyna (EA) tölegli abunalygyň ýola goýlandygyny mälim etdi diýip, The Verge neşiri habar berýär.

«Generate Video» atly gural (generator), tekst görnüşli beýanlara ýa-da statik şekillere esaslanyp wideolary döretmäge mümkinçilik berýär. Generatorda dörediljek wideolaryň netijelerini üýtgetmek ýa-da ugrukdyrmak üçin ýörite opsiýalar bar: stillere öýkenmek, kameranyň ýerleşişini, hereketini we obýekte bolan uzaklygyny saýlamak mümkin. Generator ozal wideolary 720p çözgütde döredýärdi, indi bolsa wideolary sekuntda 24 kadr tizlikde 1080p çözgütde döretmäge mümkinçilik berýär. Iň uzak dowamlylygy 5 sekunt bolan wideolaryň döredilmegi üçin takmynan 90 sekunt wagt gerek.
Şeýle hem Adobe kompaniýasy Firefly web sahypasynyň generatiw EA gurallary bölümini täzeledi. Ulanyjy interfeýsi kämilleşdirildi we Photoshop, Premiere Pro hem-de Express ýaly Creative Cloud programmalaryna integrasiýalar goşuldy. Şeýlelikde döredilen materiallary birinden beýlekisine geçirmek we redaktirlemek indi has aňsatlaşdy.
Mundan başga-da «Scene to Image» atly täze funksiýanyň beta synaglaryna başlandy, bu funksiýa üç ölçegli obýektleri ýa-da çyzgy eskizlerini (garalamalary) başlangyç maglumat hökmünde ulanyp, şekil döretmäge mümkinçilik berýär. «Translate Audio and Video» atly gural bolsa, wideolardaky ýa-da audiofaýllardaky «asyl sesleri» ulanyp, 20-den gowrak dile terjime etmek mümkinçiligini hödürleýär.
Adobe Firefly platformasyny indi abunalyk arkaly ulanyp bolýar. «Firefly Standard» nyrhnamasynyň bahasy aýda 9,99 dollar bolup, ol 2000 sany «kredit» berýär – bu bolsa 1080p çözgütde 20 sany 5 sekuntlyk wideo döretmek üçin ýeterlik. «Firefly Pro» bolsa aýda 29,99 dollardan başlaýar we 7000 sany «kredit» berýär – bu bolsa 70 sany wideo döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de Firefly abunalaryna çäklendirmesiz rastr we wektor grafikalary işlemek mümkinçiligi hödürlenýär.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......