Hindistanly 14 ýaşly “adam-kalkulýator” 6 sany dünýä rekordyny goýdy

  • 14.02.2025 17:37
  • 14k+

"Adam-kalkulýator" diýlip tanalýan 14 ýaşly hindi oglanjygy Aarýan Şukla bir günde Ginnesiň alty sany täze rekordyny goýdy.

Ol ilkinji gezek rekordy, takmynan, bir ýyl ozal "Lo Show Dei Record" şüweleňinde goýupdy. Şonda ol 50 sany bäş belgili sany 25,19 sekuntda goşupdy.
Bu gezek ýaş matematik 100 dört belgili sany goşmak (30,9 sekunt), 200 dört belgili sany goşmak (1 minut 9,68 sekunt), 50 bäş belgili sany goşmak (18,71 sekunt), ýigrimi belgili sany on belgili sana bölmek (5 minut 42 sekunt), iki bäş belgili sany köpeltmek (51,69 sekunt) we iki sekiz belgili sany köpeltmek (2 minut 35,41 sekunt) boýunça rekord goýdy.
Şukla günde bäş-alty sagatlap matematika bilen meşgullanýandygyny gürrüň berdi. “Biziň maşgalamyz adaty bir maşgala. Emma Aarýan ýaly adamlar milliarddan biri çykýar " – diýip, onuň kakasy belledi.


düýn 22:32
2.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:08
1.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......