Kendrik Lamar Dreýkden geçip, Spotify-yň taryhynda iň köp diňlenýän repçi boldy

  • 14.02.2025 11:01
  • 3.1k+

Kendrik Lamar Spotify-yň taryhynda iň köp diňlenýän rep ýerine ýetirijisi boldy. Bu barada Chart Data ýazýar

“Not Like Us” aýdymynyň awtory 88,8 milliondan gowrak aýlyk diňleýjini toplady – bu hip-hop artistleri üçin täze rekorddyr. Bu üstünlik oňa öňki rekord eýesi, kanadaly repçi Dreýkden öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Onuň aýlyk diňleýjisi 74,5 milliona ýetýär. Platforma maglumatlary her 30 günden bir gezek täzeleýär.
Şeýle-de, Lamar bu görkeziji bilen iň köp diňleýjisi bolan sekiz artistiň hataryna goşuldy. Ol sanawda Teýlor Swiftden we SZA-dan öňe geçdi hem-de Ariana Grandeni ilkinji onlukdan çykardy. Reýtingde öňdebaryjy orny 151 million diňleýji bilen Bruno Mars eýeleýär, onuň yzyndan 124 million bilen The Weeknd we 121 million bilen Ledi Gaga gelýär.
Lamaryň muşdaklarynyň sanynyň artmagyna onuň Superboul LIX-de eden çykyşy ýardam etdi. ABŞ-nyň Milli futbol ligasynyň çempiony ady ugrundaky final oýny ekrana 133 mln tomaşaçyny çekdi. Bu görkeziji 1993-nji ýylda meşhur Maýkl Jeksonyň çykyşynda goýlan rekorddan ýokary boldy. Analitikler Lamaryň meşhurlygynyň artmagyny ýaýlymyň täsiri bilen baglanyşdyrýar: çykyşdan soň eýýäm ilkinji sagatlarda onuň aýdymlarynyň strimi 65% ýokarlandy.


düýn 17:17
4k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....