Samsung Galaxy A56-nyň şekil suratlary peýda boldy: arzan baha, çalt zarýad alma, 6 ýyl täzelenme...

  • 14.02.2025 10:29
  • 11k+

Samsung-yň geljekki ýokary derejeli orta býujet smartfony boljak Galaxy A56 modeliniň ýokary hilli şekil suratlary peýda boldy. Suratlar meşhur insaýder Ewan Bless (evleaks) tarapyndan neşir edildi diýip, «SamMobile» neşiri habar berýär.

Enjam alýumin çarçuwaly bolar, kamera blogy bolsa Samsung Galaxy S10 modelindäkä meňzeş bolar.
Galaxy A56-nyň aýratynlyklary barada köp zat eýýämden mälim. Smartfon Samsung Exynos 1580 prosessorynda we Android 15 OS esasly OneUI 7 interfeýsinde işleýär. Täzelenme taýdan goldaw 6 ýyl dowam eder.
8/128 GB we 12/256 GB görnüşlerde hödürlener. Zarýad alyş kuwwaty 45W bolup, bu Samsung Galaxy S25 Ultra bilen deňdir we Galaxy A55-den iki esse diýen ýaly güýçlüdir.
Samsung Galaxy A56 we Galaxy A36 modelleriniň öňümizdäki aýlarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.


12.05.2026 14:43
6.5k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...