«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli» filminiň resmi treýleri çykdy

  • 14.02.2025 07:14
  • 3.9k+

Universal Pictures kinostudiýasy «Aždarhany nädip eldekileşdirmeli» (Как приручить дракона) animasiýa franşizasynyň ekranlaşdyrmasynyň (remeýkiniň) treýlerini neşir etdi. Film 13-nji iýunda kinoteatrlarda görkezilip başlanar.

Filmde ýaş wiking Ikking bilen onuň Dişsiz atly aždarhasy barada gürrüň berilýär. Baş keşpleri Meýson Temz, Niko Parker, Jerard Batler we Nik Frost ýerine ýetirýär. Filmiň režissýory hökmünde asyl trilogiýanyň awtory Din DeBlua çykyş edýär.
Ýatlatsak, «Aždarhany nädip eldekileşdirmeli» trilogiýasy 2010-2019-njy ýyllar aralygynda çykyp, jemi 1,5 milliard dollar girdeji gazanmagy başarypdy. Trilogiýa Kressida Kouelliň şol bir at bilen neşir edilen kitaplarynyň esasynda surata düşürilipdi.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....