Wideolary islendik dilde görüp bolar: YouTube EA-dublýažy we başga-da birnäçe täze hyzmaty işe girizer

  • 14.02.2025 06:00
  • 2.2k+

YouTube-yň baş müdiri Nil Mohan emeli aňy (EA) kompaniýanyň 2025-nji ýyl üçin esasy dört «maýa goýumynyň» biri hökmünde atlandyrdy. Ol döredijiler üçin niýetlenen EA gurallaryna maýa goýýandyklaryny belläp geçdi. Bu gurallar ideýa döretmek, miniatýura taýýarlamak we wideolary dürli dillere terjime etmek üçin ulanylar diýip, «TechCrunch» neşiri habar berýär.

Mohan şu aýyň dowamynda YouTube-yň hyzmatdaşlyk maksatnamasyna degişli ähli döredijiler üçin awtomatiki dublýaž funksiýasynyň elýeterli boljakdygyny habar berdi. Bu gural wideony şol bir wagtyň özünde birnäçe dile terjime etmek arkaly tomaşaçylaryň sanyny ep-esli artdyrmaga ýardam berer.
YouTube EA-ny diňe bir terjime üçin däl-de, eýsem EA-nyň ulanylşyna gözegçilik etmek üçin hem ulanmagy meýilleşdirýär. Ilkinji nobatda Creative Artists Agency (CAA) bilen hyzmatdaşlyk giňeldiler. Bu çäre sungat işgärlerini, şol sanda suratkeşleri, artistleri, sazandalary we türgenleri, olaryň keşbiniň ýa-da sesiniň EA arkaly göçürilmeginden goramak üçin alnyp barylýar.
Şeýle-de Mohan şu ýylyň dowamynda platformanyň ulanyjylarynyň ýaşyny kesgitlemek üçin maşyn öwreniş (machine learning) tehnologiýasyndan peýdalanjakdygyny aýtdy. Maksat – her adama öz ýaşyna görä wideolar görkezmek. Emma täze tehnologiýanyň ulanyjylaryň ýaşyny nädip kesgitlejekdigi barada jikme-jik maglumat bermedi. Şeýle hem ýüze çykyp biljek ýalňyşlyklar baradaky soraglara jogap bermekden saklandy.

YouTube 2025-nji ýyl üçin öz öňünde başga-da birnäçe uly maksatlary goýýar:

  • TikTok tarapyndan alnan medeni liderligi gaýtadan ele almak;
  • Özüni «täze Golliwud» hökmünde pozisiýalaşdyrmak;
  • YouTube-yň esasy ünsüni uly ekrana gönükdirmek, sebäbi häzirki wagtda platformany telewizorda görmek mobil enjamlara garanyňda has meşhur bolup başlady.

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....