Clash of Clans oýnunyň işläp düzüjisi 2024-nji ýylda $3 mlrd girdeji gazandy

  • 13.02.2025 23:57
  • 6.3k+

Clash of Clans, Clash Royale we Brawl Stars oýunlarynyň işläp düzüjisi bolan Tencent Holdings Ltd. kompaniýasyna degişli fin oýun studiýasy Supercell 2024-nji ýylyň jemleri boýunça maliýe ugrundaky üstünligini mälim etdi diýip, Bloomberg neşiri habar berýär.

Maglumatlara görä, Supercell-iň 2024-nji ýyldaky girdejisi rekord derejä – 3 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 77% köpdür. Göterimlerden, salgytlardan we amortizasiýadan öňki peýda 78% artyp 947 million dollara ýetdi.
Supercell-iň esaslandyryjysy we baş müdiri Ilkki Paananeniň sözlerine görä, kompaniýanyň ähli oýunlary we hyzmatlary 2024-nji ýylda ösüş görkezdi. «Bu soňky on ýyldan bäri ilkinji gezek bolup dur» diýip, ol belläp geçdi.
Bloomberg neşiri mobil oýun bazarynyň kyn döwürlerden geçýändigine garamazdan, Supercell-iň gazanan üstünliginiň aýratyn üns berilmäge degişlidigini ýazýar.
Sensor Tower-iň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda mobil oýunlaryň IAP (In-App Purchases) boýunça umumy girdejisi 80,9 milliard dollara ýetdi, emma 2021-nji ýylyň rekordlaryny geçip bilmedi.
2024-nji ýylda Supercell Squad Busters atly täze mobil oýnuny çykardy. Ilkinji ýedi aýyň dowamynda täze oýun 100 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Oýun pudagynda köpçülikleýin işden çykarmalaryň dowam edýän mahaly, Supercell-iň işgärleriniň sany 2023-nji ýyldan bäri 31% artdy we 686 adama ýetdi. Paananen, oýunçylaryň köpdürlüligi üçin zehinli işgärleri işe almagyň we kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady.

düýn 21:59
637

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.8k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....