Golliwudda ilkinji gezek zenanlar baş keşpleri ýerine ýetirmek boýunça erkekler bilen deňleşdi

  • 13.02.2025 23:59
  • 5.5k+

San-Diýegodaky Kaliforniýa ştatynyň uniwersiteti (SDSU) Golliwudyň kinofilm pudagy boýunça jyns deňligi barlagynyň ýyllyk täze netijelerini çap etdi. Barlaga görä, 2024-nji ýylda iň köp girdeji getiren blokbasterleriň baş gahrymanlarynyň keşpleriniň 42%-ni zenanlar, 42%-ni bolsa erkekler ýerine ýetiripdir, bu bolsa kinofilm taryhynda bu görkezijileriň deňleşen ilkinji ýyly boldy diýip, «Deadline» neşiri habar berýär.

Filmleriň galan 16%-i bolsa toparlaýyn ýerine ýetirilen baş keşplere degişli boldy. Bu barlagyň netijelerini SDSU-nyň Telewideniýe we kino boýunça zenanlary öwreniş merkezinden Marta Lauzen paýlaşdy.

«"Substansiýa" ýaly filmler aýallary biri-biriniň ornuny tutup bilýän zatlar hökmünde görýän däbe berk garşylyk görkezip biler» diýip, Lauzen belläp geçýär.

2023-nji ýylda filmleriň bary-ýogy 28%-inde baş keşbi zenanlar ýerine ýetiren bolsa, galan 62%-inde wakalar erkekleriň nukdaýnazaryndan beýan edilipdi.
Şeýle hem barlagyň netijelerine görä, erkekler häzirki wagtda hem ekranlarda zenanlardan has köp çykyş edip, has köp (72%) gürleýärler.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....