Nolanyň “Odisseýa” filmini düşürmek üçin alty metrlik mehaniki depegöz gurlar

  • 13.02.2025 20:35
  • 4.4k+

Kristofer Nolan şahyr Gomeriň eposyna esaslanýan “Odisseýa” (The Odyssey) filmini surata düşürmäge taýýarlanýar. Gresiýada depegöz Polifem baradaky mifi döretmek üçin beýikligi alty metr bolan mehaniki depegöz gurjagy gurlar. Gresiýanyň medeniýet ministri surata düşürmek işleriniň Nestor gowagy ýaly taryhy ýerlerde alnyp barylmagyny tassyklady diýip, Gresiýanyň KHBS-ine salgylanyp, World of Reel ýazýar.

Film Woýdokilýa we Almirolaka kenarlary, Metoni galasy we Akrokorinf ýaly owadan hem taryhy ýerlerde surata düşüriler. Ýurduň häkimiýetleri ähli gurluşyk işleri desgalaryň gurluşyna zyýan ýetirmeli däl şertini goýdy. Nestoryň gowagyny goramak üçin pol ýörite geotekstil we çäge gatlagy bilen örtüler.
Odisseýiň duzaga düşýän depegözli sahnasy üçin Nestoryň gowagynda ägirt uly mehaniki gurjak gurlar. Onuň ululygy 6x6 metr bolar we ol gowagyň gümmezindäki deşik arkaly dolandyrylar. Taryhy desgalara zyýan ýetirmezlik üçin gurluşyň ähli elementleri göçme bolar.
Filme Mett Deýmon, Tom Holland, Enn Heteueý, Zendaýa, Lupita Niongo, Robert Pattinson, Şarliz Teron, Benni Safdi, Jon Berntal, Jon Leguizamo ýaly dünýä belli kino ýyldyzlary gatnaşar.
“Odisseýa” filmi 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda IMAX kinoteatrlarynda çykar. Nolan, adatça, öz blokbasterleriniň premýerasy üçin iýulyň üçünji uik-endini saýlaýar. “Gara rysar”, “Dýunker” we “Oppengeýmer” bilen hem şeýle bolupdy.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....