Pikassonyň suratynyň astyndan bir aýalyň keşbi tapyldy: suratkeş onuň üstüne täze surat çekipdir

  • 13.02.2025 13:52
  • 9k+

Beýik Britaniýanyň Kurto sungat institutynyň alymlary Pablo Pikassonyň suratynyň astynda gizlenen aýalyň keşbini tapdylar. Açyş infragyzyl we rentgen şöhleleriniň kömegi bilen ýüze çykaryldy diýip, CNN habar berýär.

Çaklamalara görä, 1901-nji ýylda Pikasso ilki bilen bir aýalyň keşbini çekipdir, emma birnäçe aýdan soň onuň üstünden öz dostuny, heýkeltaraş Mateu Fernandes de Sotony şekillendiripdir.
Kurto galareýasynyň müdiriniň orunbasary Barnabi Raýt aýalyň keşbiniň «gözleriniň alnynda peýda bolandygyny» aýtdy.
Suratyň astyndaky aýalyň şahsyýetini häzirlikçe anyklap bolmady. Sungat taryhçylarynyň pikirine görä, ol Pikassonyň 1901-nji ýylda Parižde şekillendiren birnäçe modeline meňzeýär. Raýtyň sözlerine görä, ol tötänleýin saýlanan model ýa suratkeşiň söýgülisi ýa-da onuň dosty bolup biler.
Geçirilen rentgen barlaglary Pikassonyň şol bir brezentiň (ak keten matanyň) üstüne üç-dört gezek surat çekendigini görkezýär. Munuň sebäbi, onuň täze material satyn almaga pulunyň bolmandygy ýa-da onuň bir keşbi başga biriniň keşbine öwürmegi halaýandygy bilen baglanyşdyrylýar.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......