Valve kompaniýasy Steam platformasyndaky oýunlarda tölegli mahabatlary gadagan etdi

  • 12.02.2025 23:58
  • 2.5k+

Valve kompaniýasy oýunlary işläp düzüjiler üçin kadalaryny täzeledi we Steam platformasynda oýunlaryň içindäki tölegli mahabatlary doly gadagan etdi. Indi oýunlaryň dowam etmegi üçin mahabatlary görmek talap edilip bilinmez, şeýle hem işläp düzüjiler mundan beýläk oýunlaryny neşir etjek bolsalar, şular ýaly elementleri aýyrmaly bolarlar diýip, «Eurogamer» neşiri habar berýär.

Steamworks resminamalaryna «Steam-de mahabatlar» (Advertising on Steam) atly täze sahypa goşuldy. Bu sahypada mahabatlaryň haýsy görnüşlerine rugsat berilýändigi we haýsylarynyň gadagan edilýändigi barada jikme-jik maglumatlar ýerleşdirilen.
Täze düzgünlere görä, şular gadagan edilýär:

  • Tölegli mahabatlary işewürlik modeli hökmünde ulanmak, ýagny oýnuň dowam etmegi üçin mahabatyň görülmegini talap etmek ýa-da oýnuň prosesini mahabatlar bilen böwetlemek. Eger-de bir oýun beýleki platformalarda mahabatdan girdeji gazanmak üçin döredilen bolsa, Steam-de neşir edilmezden ozal şol elementler aýrylmaly. Alternatiw çözgüt hökmünde bir gezek satyn almak modeli ýa-da şertli mugt model (mikro tölegler we DLC bilen) hödürlenýär.
  • Mahabatlary oýunçylara bonus ýa-da baýrak bermek üçin ulanmak.
  • Beýleki işläp düzüjilerden Steam funksiýalaryna (arzanladyş sahypalaryna, toplumlara, dükan sahypalaryna ýa-da franşizalara) girmek üçin töleg talap etmek.

Mundan ozal şeýle gadaganlyklar, kriptowalýutalar we NFT-ler üçin niýetlenen blokçeýn tehnologiýasyndan peýdalanýan oýunlar üçin 2021-nji ýylda güýje girizilipdi.
Soňky ýyllarda Valve kompaniýasynyň ulanyjylaryň bähbitlerini goramak üçin birnäçe başlangyçlary durmuşa geçirendigini aýratyn bellemek gerek.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......