“Real” esasy Ýewrokubok ýaryşynda 300 oýunda utan taryhda ilkinji topar boldy

  • 12.02.2025 20:18
  • 8.1k+

Madridiň “Realy” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň “Mançester Siti” bilen oýnunda ýeňiş gazandy. Klub angliýaly garşydaşyny 3:2 hasabynda utup, taryhda esasy Ýewrokubok ýaryşynyň rekordyny goýdy diýip, UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Şeýlelikde, “Patyşalyk kluby” Çempionlar ligasynyň we Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň taryhynda ilkinji bolup 300 ýeňiş gazandy. Mundan öň şeýle görkezijä ýetmek hiç bir topara başartmandy. Ýeňiş sany boýunça ikinji orunda Mýunheniň “Bawariýasy” ýerleşýär, onuň hasabynda 241 ýeňiş bar. Bu görkeziji boýunça üçlügi Kataloniýanyň “Barselonasy” (209) jemleýär.
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň jogap oýny 19-njy fewralda geçiriler. Toparlar Madriddäki “Santýago Bernabeu” stadionynda duşuşar. 


şu gün 10:24
2.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......