Apple iPhone we iPad üçin möhüm howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

  • 12.02.2025 17:07
  • 2.2k+

Apple parol goragyndan geçmäge we gulplanan iPhon-lardaky we iPad-lerdäki maglumatlara girmäge mümkinçilik berýän howply gowşaklygy çözýän iOS 18.3.1, iPadOS 18.3.1 we iPadOS 17.7.5 üçin gyssagly täzelenme çykardy.

Göz öňünde tutulýan gowşaklyk USB Restricted Mode howpsuzlyk mehanizminden geçýän ilkinji ýüze çykarylan gowşaklygydyr. 2018-nji ýylda iOS 11.4.1-e girizilen bu režim enjamlary USB arkaly rugsatsyz girişden goramak üçin döredildi.
The Verge-iň berýän  maglumatlaryna görä, bu gowşaklyk "belli bir adama garşy aşa çylşyrymly hüjüm edilende" ulanylyp bilner. Citizen Lab-iň barlagçysy Bill Marçak bu meseläniň iPhone XS-den we iPad Pro-nyň üçünji neslinden başlap enjamlara degişlidigini aýtdy.
Apple bu näsazlygyň awtorizasiýa dolandyryşy bilen baglanyşyklydygyny we ulgamyň ýagdaýynyň dolandyrylyşyny gowulandyrmak arkaly düzedilendigini aýtdy. Täzelenme Mac, Apple Watch we Vision Pro üçin patçlary hem öz içine alýar, ýöne patçlar üçin jikme-jiklikler we düşündirişler entek aýdylmady.
Kompaniýa ulanyjylara howpsuzlygy gowulandyrmak üçin enjamlaryny dessine  täzelemegi maslahat berýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...