Sony «State of Play» çäresiniň geçiriljek senesini yglan etdi: nämeler tanyşdyrylar?

  • 12.02.2025 17:00
  • 1.1k+

Sony kompaniýasy 2025-nji ýylyň «State of Play» çäresiniň geçiriljek senesini yglan etdi. Ol 13-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 03:00-da geçiriler. Çäräniň dowamynda PlayStation 5-e geljek täze oýunlar barada maglumat berler.

Çärede tomaşaçylarda uly seslenme döretjek birnäçe iri oýnuň çykmagyna garaşylýar, emma Sony bular barada häzirlikçe hiç hili maglumat bermedi.

«PS5-e geljek ajaýyp oýunlar baradaky täzelikler we täzelenmeler üçin göni ýaýlyma tomaşa ediň. Bu şüweleň dünýäniň dürli studiýalary tarapyndan döredilen döredijilikli we özboluşly gyzykly oýunlaryň ýygyndysyny gutlaýar» diýip, Sony kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

«State of Play» çäresinde:

  • «Death Stranding 2: On the Beach» oýnunyň ilkinji treýleriniň görkezilmegine;
  • «Ghost of Yotei» oýnunyň täze treýlerleriniň görkezilmegine;
  • «Intergalactic: The Heretic Prophet» we «Naughty Dog» oýunlarynyň geýmpleý wideolarynyň görkezilmegine;
  • «Metal Gear Solid 3» barada giňişleýin maglumatlaryň berilmegine;
  • «Resident Evil 9» oýnunyň yglan edilmegine;
  • «Horizon» äleminiň çäginde täze köp oýunçyly (multiplayer) oýnuň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

«State of Play» çäresiniň göni ýaýlymy YouTube we Twitch platformalarynda elýeterli bolar.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....