NASA Aýyň arka tarapyna taryhy uçuşyny nädip amala aşyrjakdygyny jikme-jik wideoda görkezdi

  • 12.02.2025 13:05
  • 3.4k+

NASA Artemis II missiýasynyň bat alşyndan başlap, Ýere dolanyp, suwa gonuşyna çenli esasy tapgyrlaryny görkezýän jikme-jik animasiýasyny çykardy. Space Launch System (SLS) raketasynda pilotirlenýän Orion kosmos gämisini 2026-njy ýylyň başynda uçurmak meýilleşdirilýär diýip, Digital Orre habar berýär.

Dört astronawtdan ybarat bolan ekipaž Aýyň daşyndan, onuň üstünden takmynan, 7400 kilometre çenli belentlikden aýlanyp çykar. Ekipažyň düzümine NASA-nyň astronawtlary Kristina Hammok Koh, Rid Uaýzman, Wiktor Glower, şeýle hem Kanadanyň kosmos gullugynyň astronawty Jeremi Hansen girýär. Olar 50 ýyldan gowrak wagtdan soň, Aýyň arka tarapyny görjek ilkinji adamlar bolar.

NASA-nyň görkezen wideosynda: "Bu döwürde uçuşy dolandyryş merkezi bilen kosmos gämisiniň arasyndaky aragatnaşygyň ýitmegine garaşylýar. Ekipaž Aýyň arka tarapyndan gaýdyp gelýärkä, Orion yzyna erkin gaýdyş traýektoriýasy boýunça Ýeriň dartyş güýji bilen dolanar we dört günlük tygşytly ýoly üpjün eder" - diýilýär.

Bu missiýa, takmynan, 10 gün dowam eder we 2027-nji ýylda meýilleşdirilýän Artemis III-iň Aýa gonmazyndan öňki taýýarlyk tapgyry bolar.
Aýyň daşyna aýlanyp çykandan soň, Orion erkin traýektoriýa boýunça Ýere gaýdyp geler. Suwa gonmazdan öňürti, atmosferada gämini aşa ýokary temperaturadan gorajak ýylylyk galkany işjeňleşdiriler. Soňra paraşýutlar açylar.
Soň bolsa ekipaž kapsuladan çykarylyp alnar, lukmançylyk barlagyndan geçer we taryh okuw kitaplaryna girer.


düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......