Zibile taşlanan «Garri Potter» kitaby 25 müň ýewro satyldy

  • 11.02.2025 23:50
  • 9k+

Seýrek duş gelýän «Garri Potter we pelsepe daşy» kitabynyň ilkinji neşiriniň bir nusgasy zir-zibilleriň arasyna taşlanypdy. «BBC» neşiriniň ýazmagyna görä, auksion öýüniň ýolbaşçysy Deniel Pirs kitaby Brikshemde aradan çykan bir adamyň zatlarynyň arasynda tapdy.

Kitap beýleki zatlar bilen bilelikde zir-zibil bankyna iberilmeli eken.
Emma halas edilen bu nusga Peýntondaky NLB auksionynda 21 müň funt sterlingden gowrak – takmynan 25 müň ýewro bahasyna satyldy.
Deniel Pirs kitabyň ilkinji neşir edilen 500 nusgadan biridigini, onuň yz tarapyndaky «philosopher’s» sözüniň ýalňyş ýazylmagyndan we beýleki aýratynlyklaryndan tanapdyr.
Halkara alyjylaryň auksiona gatnaşygyny iň ýokary derejä ýetirmek maksady bilen, onuň wagty ABŞ-nyň günbatar kenary bilen wagt tapawudy göz öňünde tutulyp üýtgedilipdir.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....