Christie's auksion öýi emeli aň tarapyndan döredilen sungat eserleriniň satuwyny guraýar

  • 11.02.2025 23:33
  • 2k+

Christie's auksion öýi emeli aň ulanyp döredilen sungat eserleriniň auksionyny yglan etdi. “Üsti ýetirilen aň” diýlip atlandyrylýan bu çäre diňe nerw ulgamlary tarapyndan döredilen eserlere bagyşlanan ilkinji çäre bolar diýip, TechCrunch habar berýär.

Auksion 20-nji fewralda Nýu-Ýorkuň Rokfeller merkezinde geçiriler. Onda Spawning AI emeli aň başlangyjynyň esaslandyryjysy Met Draýherst ýaly suratkeşleriň eserleri görkeziler. Geçiriljek sergide esasy üns merkezi surat çekýän robotda jemlener.
Şeýle-de bolsa, geçiriljek çäre suratkeşleriň arasynda ýiti tankydy seslenmäni  döretdi. Olar generatiw AI-niň köp gurallaryna, suratkeşleriň rugsady alynmazdan, olaryň işleri esasynda tälim berilýändigini aýdýarlar.
Aýratynam, işleri rugsatsyz ulanylan suratçy Tim Flah bilen bagly ýagdaý muňa aýdyň mysal bolup biler. 1800-den gowrak adam auksionyň ýatyrylmagyny talap edýän açyk hata gol çekip, eserleriň ygtyýarsyz ulanylmagy olaryň eklenç çeşmesine howp salýandygyny belledi. Bu pikiri Radiohead toparyndan Tom Ýork we aktrisa Julianna Mur ýaly köp tanymal adamlar goldady.
Auksion öýi eserleriň köpüsiniň awtorlaryň razyçylygy bilen ulanylandygyny öňe sürýär. Şeýle-de bolsa, AI arkaly döredilen sungat eserleriniň etiki we kanuny netijeleri, esasanam, asyl suratkeşleriň razyçylygynyň we olara adalatly öwezini doluş tölegleriniň zerurlygy baradaky jedeller dowam edýär.


03.06.2026 15:15
3.5k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......