Insaýder şu hepde çykmaly iPhone SE 4-üň ilkinji suratlaryny görkezdi

  • 11.02.2025 19:57
  • 8.4k+

Majin Bu lakamly insaýder täze iPhone SE 4 smartfonynyň ilkinji suratlaryny hödürledi.

“Siz iPhone SE 4-üň çykmagyna taýýarmy?” – diýip, Majin Bu hödürlän suratlaryna teswir berdi.

Maglumatlara görä, bu smartfon 6,06 dýuým displeý bilen üpjün ediler we ol A18 prosessorly iPhone 14-e meňzeş bolar. Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň iPhone SE smartfony 4,7 dýuým ekrana eýe bolupdy. Şeýle-de, iPhone SE 4 hereket düwmesi bilen 60 Gs OLED ekranyny we 48 Mp esasy kamera modulyny alar.
Apple kompaniýasy iPhone SE-niň täzelenen wersiýasyny eýýäm şu hepde hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg-den Mark Gurman habar berdi. 
Şeýle-de, kompaniýa M4 prosessorly täze MacBook Air noutbugyny, iPad we iPad Air planşetlerini hem hödürlemegi meýilleşdirýär. 
Maglumatlara görä, gajetler 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykar. Anonsyň 16-njy fewrala çenli bolmagyna garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...