“Sýogunyň” ikinji möwsümi güýzde düşürilip başlanar: awtorlar uly öwrümleri wada berýär

  • 11.02.2025 15:49
  • 3.3k+

“Sýogun” (Сёгун) serialynyň şouranneri Jastin Marks we baş keşbi ýerine ýetiriji Hiroýuki Sanada ikinji möwsümiň üstündäki işleriň işjeň dowam etdirilýändigini habar berdi. Ssenariý taýýar we serial güýzde düşürilip başlanar.

Critics Choice Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasynda Marks toparyň surata düşürmek üçin ýer gözleýändigini aýtdy. Ol täze möwsümiň on bölümden ybarat boljakdygyny we tomaşaçylara eýýäm birinji bölümden uly sýužet öwrümleriniň garaşýandygyny gürrüň berdi.

“Hemmeler ýazylan materiala haýran galdy” – diýip, ol belledi.

Aktýor Hiroýuki Sanada Variety bilen söhbetdeşlikde surata düşürmek işleriniň güýze meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu taslama aktýorlar düzüminiň ýarysy gaýdyp geler, ýöne täze gahrymanlar hem peýda bolar. Häzir surata düşürmek üçin topar saýlanýar.

“Men işiň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Sanada belledi.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....