Samsung "Galaxy S25 Edge-iň" ultra inçe dizaýnynyň hatyrasyna kamera bilen kuwwaty pida edýär

  • 11.02.2025 13:34
  • 6.9k+

Samsung ultra inçe dizaýnly Galaxy S25 Edge flagman smartfonyny çykarmaga taýynlanýar. Onuň korpusynyň galyňlygy 5,84 mm bolar. Emma bu dizaýna ýetmek üçin kompaniýa kameralar we batareýanyň kuwwaty babatda eglişik eder diýip, Overclockers habar berýär.

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi soňky dizaýna geçmezden ozal, iki prototip döretdi. Beýleki prototipiň galyňlygy 6,4 mm bolup, surata düşmek üçin has köp mümkinçiligi berýän üç kamerany öz içine alýardy. Emma ýarym millimetr inçe bolan iň soňky wersiýa üçin ony iki kamera bilen çäklendirmek kararyna geldiler. Olardan biri Galaxy S25 Ultra-da gurnalýana meňzeş 200 megapikselli datçik alar.
Has inçe dizaýny saýlamak, başga-da birnäçe çäklendirmeler bilen gelýär. Batareýanyň kuwwaty bary-ýogy 3900 mAh bolar, zarýad beriş tizligi 25 Wt-dan geçmez. Galyňlygynyň peselmegi Snapdragon 8 Elite prosessorynyň gyzmagyna sebäp bolup biljek doly hukukly sowadyş ulgamynyň ýerleşdirilmegine mümkinçilik bermeýär. Geekbench 6 synaglarynyň netijelerine görä, enjam garaşylyşyndan has pes öndürijilik görkezdi.
Galaxy S25 Edge 2025-nji ýylyň aprelinde çykar diýlip garaşylýar. Bu smartfon iPhone 17 Air bilen bäsleşer. Bu smartfonlaryň bazarda peýda bolmagy saýlanan dizaýnyň ynamy näderejede ödändigini we ulanyjylaryň haýsy ylalaşyklary kabul etmäge taýýardygyny kesgitlemäge mümkinçilik berer.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...