"Men robot däl": reCAPTCHA indi botlary saýgarmaýar, ol maglumat ýygnamak üçin ulanylýar

  • 11.02.2025 08:23
  • 2.2k+

Google kompaniýasynyň reCAPTCHA ulgamy ilkibaşda web sahypalaryny awtomatlaşdyrylan hüjümlerden goramak üçin niýetlenipdi. Emma häzir ol öňki netijeliligini ýitirip, baş maksadyny ýerine ýetirip bilenok. Sebäbi emeli aň algoritmleri bu ulgamy aňsatlyk bilen aýlanyp geçip bilýär. Şeýle-de bolsa Google ony henizem «maglumat ýygnamak» üçin işjeň ulanmaga dowam edýär.

Ulgam ulanyjynyň giren web sahypalaryndan we kursorynyň hereketlerinden başlap, ulanylýan enjamyň aýratynlyklaryna çenli ähli parametrleri hasaba alýar. Geçirilen barlaglara görä bu parametrler, ýagny maglumatlar arkaly ulanyjylaryň jikme-jik «sanly yzlary» döredilýär. Bu sanly yzlar bolsa mahabat we analitika üçin peýdalanylýar.
Kaliforniýa uniwersitetiniň (Irwaýn şäherindäki) hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlagda, reCAPTCHA-nyň web sahypalar bilen ulanyjylaryň arasyndaky täsirleşmäni haýalladýandygy ýüze çykaryldy. Üç müň alty ýüz sany adamyň gatnaşmagynda geçirilen synagda, wizual meseleleri çözmegiň adaty «Men robot däl» (Я не робот) diýen gutyjygy çözmäge garanyňda 557% köp wagt talap edýändigi anyklanyldy.
Bu mesele aýratyn-da tiz girmeli, işlemeli, görmeli, neşir etmeli we ş.m. ýagdaýlarda ulanyjylara kynçylyk döredýär. Ulanyjylaryň reCAPTCHA barlaglaryndan geçmek üçin sarp eden umumy wagty 819 million sagada deň, munuň ykdysady taýdan gymmaty bolsa 6,1 milliard dollara barabar. Şol bir wagtyň özünde bu ulgam arkaly ýygnalan maglumatlaryň gymmaty 888 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar, bu bolsa ony täjirçilik analitikasy üçin iň möhüm gurallaryň birine öwürýär.
Netijeliligiň peselendigine garamazdan, reCAPTCHA-dan ýüz öwürmek mümkin däl: ol banklar, internet dükanlary we sosial torlar üçin hökmany bolup galýar, Google bolsa bu ulgamyň üsti bilen maglumat ýygnamaga dowam edýär.


düýn 11:11
1.1k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
5.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......