Toyota tormoz we kemer bilen bagly meseleler üçin Camry, Tacoma we Lexus ulaglaryny yzyna çagyrýar

  • 10.02.2025 23:10
  • 11k+

Toyota kompaniýasy 147 müň sany awtoulagy öz içine alýan iki tapgyr yzyna çagyryş çäresini yglan etdi. Bu çärelere kompaniýanyň «Camry», «Lexus RX» we «Lexus NX» modelleri hem-de «Tacoma» kysymly pikaplary degişlidir diýip, «NTD News» neşiri habar berýär.

Birinji yzyna çagyryş çäresi arkadaky howpsuzlyk kemeriniň näsazlygy bilen baglanşyklydyr. Ulag öndürilende bu kemere zeper ýetirlipdir. Şol sebäpden heläkçilik bolan ýagdaýynda, ulagyň ýolagçylary goramak ukybynyň pese gaçyp biljekdigi anyklanyldy.
Ikinji yzyna çagyryş çäresi bolsa 106 müň sany «Toyota Tacoma» kysymly pikaplara degişlidir. Bu ulaglaryň käbir modellerinde tekerleriň arkasynda hapa we palçyk toplanýar. Netijede, tormoz geçirijileri könelýär. Bu mesele esasan 17 dýuýmlyk teker diskleri bolan modellerde ýüze çykýar.
Toyota kompaniýasy bu ulaglaryň eýelerine 2025-nji ýylyň aprel aýynda habarnama iberip başlar. Ähli abatlaýyş işleri resmi dilerlerde mugt ýerine ýetiriler. Ulaglaryň eýeleri öz awtoulaglarynyň ýagdaýyny NHTSA-nyň web sahypasyna VIN belgisini girizmek arkaly görüp bilerler.


şu gün 14:05
1.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
1.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......