Samsung Galaxy S26 Ultra üçin ekran asty kamerany synagdan geçirýär

  • 09.02.2025 20:54
  • 10k+

@Kro_roe lakamly insaýder Galaxy S25 Ultra-nyň mirasdüşeri bolan Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň ekran asty kamera alyp biljekdigi barada maglumatlary paýlaşdy. Samsung bu tehnologiýany eýýäm Z Fold eplenýän smartfonlar seriýasynda ulanýar.

Eger syzdyrylan maglumat dogry çyksa, bu flagman Galaxy S smartfonlarynyň hatary üçin dizaýndaky esasy täzelik bolar, bu kesiksiz we yşsyz düz ekrany görkezmäge mümkinçilik berer.
Onuň Z Fold-daky şuňa meňzeş kameralar bilen deňeşdirilende, näderejede oňat netije berjekdigi entek belli däl. Olaryň düşüren suratlarynyň durulygynda kemçilik bar, emma programma üpjünçiliginiň kämilleşdirilmegi bilen bu kemçilikleri bölekleýin azaldyp bolýar.
Häzirki wagtda tehnologiýa, adaty selfi kameralary bilen deňeşdirilende, hil taýdan birneme yzda.


23.03.2026 00:03
5.3k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...