Apple-iň häzire çenli iPhone satuwyndan gazanan girdejisi 2 trln dollardan geçdi

  • 09.02.2025 14:37
  • 4.6k+

Apple 2007-nji ýylda ilkinji gezek çykandan bäri häzire çenli iPhone satuwyndan 2 trln dollardan gowrak girdeji gazandy. Smartfon kompaniýanyň esasy ösüş hereketlendirijisi bolup, oňa güýçli ekoulgama öwrülmäge we dünýä bazarynda öňdebaryjy orunlary eýelemäge mümkinçilik berdi diýip, TechGaged habar berýär.

2024-nji ýylda kompaniýanyň bu esasy önüminden dünýä boýunça smartfon eýeleriniň 21%-i ulandy, işjeň ulanyjylaryň umumy sany bolsa 1,38 milliarda ýetdi. Geçen ýyl iPhone satuwy kompaniýa 201,1 mlrd dollar girdeji getirdi, bu hem 2,03 trln dollar umumy satuw görkezijisine ýetmäge mümkinçilik berdi.  
iPhone-yň iň ýokary satuwy 2022, 2023 we 2024-nji ýyllarda hasaba alyndy. Rekord 2022-nji ýylda, girdeji 205,5 mlrd dollar bolanda goýuldy. 2023-nji we 2024-nji ýyllarda satuw 200 mlrd dollar derejesinde saklandy. Bu ýyllarda kompaniýa umumy iPhone girdejisiniň 40%-den gowragyny gazandy, bu 800 mlrd dollardan gowrakdyr. Kompaniýa bu döwürde 900 mln töweregi gurluş satdy, bu dünýäde häzire çenli satylan smartfonlaryň, takmynan, 15%-ine deňdir.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....