Hindistan 2027-nji ýylda «Çandraýan-4» Aý missiýasyna başlaýar

  • 09.02.2025 14:34
  • 2.1k+

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2027-nji ýylda «Çandraýan-4» missiýasyna başlamagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu missiýa ýurduň kosmos maksatnamasy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Missiýanyň esasy maksady – Aýyň topragyndan nusga almak we ony Ýere getirmek diýip, Hindistanyň ylym we tehnologiýa ministri Jitendra Singh mälim etdi. Bu barada «Mint» neşiri habar berýär.

Missiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin azyndan iki sany agyr ýük göteriji LVM-3 raketasy uçurylar. Bu raketalar missiýanyň bäş sany esasy bölegini orbita çykarar. Bu bölekler orbitada birleşdirilip, Aýa ugradylar. Hindistan üçin bu Aýdan nusga getirmegi maksat edinýän ilkinji missiýa bolar.
«Çandraýan-4» bilen bir hatarda, ISRO-nyň başga-da birnäçe möhüm taslamalary bar. Indiki ýyl «Gaganýan» missiýasy bilen hindistanly astronawtlar ilkinji gezek Ýeriň pes orbitasyna iberiler we yzyna getiriler. Mundan başga-da, şu ýylyň ahyrynda «Wýommitra» atly adam görnüşli robotyň gatnaşmagynda ilkinji pilotsyz synag missiýasy geçiriler.
Hindistan 2026-njy ýylda ýene bir täzelikçi taslama – «Samudraýan» missiýasyna girişer. Üç sany alym ýörite döredilen enjam bilen 6 müň metr çuňluga düşer. Missiýanyň maksady – deňziň düýbüni öwrenmek, gymmatly mineral baýlyklary, seýrek metallary hem-de öwrenilmedik deňiz jandarlaryny ýüze çykarmakdyr.
Hindistanyň kosmos pudagy soňky on ýylda uly ösüş gazandy. Infrastrukturasy gowulaşdy, hususy pudagyň gatnaşygy artdy. Häzirki wagtda ýurduň kosmos ykdysadyýeti 8 milliard dollara barabar we geljekki on ýylda bu görkezijiniň 44 milliard dollara çenli ösmegine garaşylýar.


düýn 10:51
813

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......