Stradiwariniň skripkasy auksionda 11,25 mln dollara satyldy

  • 09.02.2025 11:38
  • 2.2k+

Meşhur ussat Antonio Stradiwari tarapyndan 1714-nji ýylda ýasalan skripka Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 11,25 mln dollara satyldy diýip, The New York Times habar berýär.

Ahyrynda “Ioahim-Ma” adyny alan gural ussat tarapyndan kerkaw agajyndan ýasaldy. Ol skripkanyň korpusynda latyn dilinde şeýle ýazgy galdyrdy: «Antonius Stradivarius Cremonenfis Faciebat 1714» (Antonio Stradiwari Kremonskiý 1714-nji ýylda ýasady).
Görkezilen döwre çenli Stradiwari öz stilini timarlap, ussatlygynyň ýokary derejesine ýetipdir diýlip hasaplanylýar. Bütin dünýäde Stradiwari tarapyndan ýasalan 650 töweregi gural bar, ýöne hut bu döwrüň skripkasy hil etalony hasaplanylýar we sazandalar hem kolleksionerler tarapyndan ýokary baha eýe bolýar.
Skripkanyň baý taryhy bar. XIX asyrda ol kompozitor Iogannes Bramsyň dosty, abraýly awstriýa-wengriýaly sazanda-wirtuoz Iozef Ioahime degişlidi. Ioahim skripkany 1849-njy ýyldan 1885-nji ýyla çenli elinde saklady.
Onuň owazyndan ylham alyp, Brams meşhur re mažor orkestrli skripka üçin Konsertini ýazdy.
1967-nji ýylda guraly skripkaçy we pedagog Si-Hon Ma satyn aldy we ony 2009-njy ýylda aradan çykýança çaldy.
2013-2015-nji ýyllarda skripka Stradiwariniň dogduk şäheri bolan italýan Kremonasyndaky skripka muzeýinde saklandy. 2015-nji ýylda Bostondaky Täze Angliýanyň Konserwatoriýasynyň kolleksiýasyna berildi, ol ýerden hem auksiona çykaryldy.

şu gün 11:22
1.1k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......