Apple kompaniýasy iPhone 7 we 7 Plus-yň eýelerine 200–350 dollar öwez tölegini töläp başlady

  • 09.02.2025 01:49
  • 10k+

iPhone 7 we iPhone 7 Plus smartfonlary 2016-2017-nji ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolupdy. Şol wagtlar käbir enjamlarda «Loop Disease» diýlip atlandyrylýan ses meselesi ýüze çykýardy. Şol sebäpden käbir iPhone eýeleri birnäçe ýyl mundan ozal Apple kompaniýasyna garşy toparlaýyn kazyýet işini gozgapdylar. Geçen ýyl kompaniýa bu talaplary kanagatlandyrmaga razy bolupdy. Indi bolsa şol dawa boýunça ulanyjylara öwez tölegleriniň berlip başlanandygy mälim boldy diýip, 9to5Mac habar berýär.

Berilýän maglumatlara görä, iPhone 7 we iPhone 7 Plus-yň ses meselesi ses çibiniň näsazlygy sebäpli ýüze çykýardy. Netijede, sesiň hili pese gaçýardy, şol sanda FaceTime arkaly jaň edilende we beýleki programmalar bilen işleşilende kynçylyklar döreýärdi.

Maglumat çeşmelerine görä, toparlaýyn kazyýet işine goşulan iPhone eýelerine takmynan 200 dollar möçberde öwez tölegleri berilýär. Öz iPhone-yny bejertmek üçin çykdajy eden ulanyjylar bolsa 350 dollara çenli pul alyp bilýärler.

Toparlaýyn kazyýet işine goşulmagyň möhleti geçen tomusda gutardy, şonuň üçin ähli näsaz iPhone eýeleri öwez töleglerini alyp bilmezler. Işiň täsin tarapy, Apple düzgün bozmalara ýol berendigini hiç hili boýun almaýar we aýyplamalary ret edýär. Ýöne muňa garamazdan kompaniýa şikaýatçylar bilen ylalaşyk gazanyp, öwez töleglerini töleýär.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......