Tankytçylaryňam tankytlamaýan filmleri: «Critics Choice 2025» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 09.02.2025 01:31
  • 5.7k+

Kaliforniýada «Critics Choice» (Tankytçylaryň saýlawy) baýragynyň 30-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Kino synçylary 2024-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýladylar.
Baş baýrak – «Iň gowy film» baýragy Şon Beýkeriň «Anora» (Анора) filmine berildi.
Kinematografiýa boýunça nominasiýalarda iň köp baýragy alanlar gorky filmi «Substansiýa» (Субстанция) hem-de «Zalym» (Злая) we «Emiliýa Peres» (Эмилия Перес) atly aýdym-saz filmleri boldy. Seriallaryň arasynda bolsa «Sýogun» (Сёгун), «Hileler» (Хитрости), «Sugun çagasy» (Оленёнок) we «Pingwin» (Пингвин) üstünlik gazandy.

Esasy nominasiýalaryň ýeňijileri:

  • ·Iň gowy film: «Anora» (Анора)
  • ·Iň gowy režissýor: Jon M. Çu – «Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki» (Злая: Сказка о ведьме Запада)
  • ·Iň gowy aktýor: Edrian Broudi – «Brutalist» (Бруталист)
  • ·Iň gowy aktrisa: Demi Mur – «Substansiýa» (Субстанция)
  • ·Iň gowy kömekçi aktýor: Kiran Kalkin – «Hakyky agyry» (Настоящая боль)
  • ·Iň gowy kömekçi aktrisa: Zoi Saldana – «Emiliýa Peres» (Эмилия Перес)
  • ·Iň gowy original ssenariýa: «Substansiýa» (Субстанция)
  • ·Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariýa: «Konklaw» (Конклав)
  • ·Iň gowy aktýorlar topary: «Konklaw» (Конклав)
  • ·Iň gowy daşary ýurt filmi: «Emiliýa Peres» (Эмилия Перес) – Fransiýa
  • ·Iň gowy animasiýa filmi: «Ýabany robot» (Дикий робот)
  • ·Iň gowy komediýa (deňme-deň): «Dedpul we Rosomaha» (Дэдпул и Росомаха) we «Hakyky agyry» (Настоящая боль)

Iň gowy seriallar:

  • ·Iň gowy dramatiki serial: «Sýogun» (Сёгун)
  • ·Iň gowy dramatiki serial aktýory: Hiroýuki Sanada – «Sýogun» (Сёгун)
  • ·Iň gowy dramatiki serial aktrisasy: Keti Beýts – «Metlok» (Мэтлок)
  • ·Iň gowy komediýa serial: «Hileler» (Хитрости)
  • ·Iň gowy komediýa serial aktýory: Adam Brodi – «Muny hiç kim islemeýär» (Никто этого не хочет)
  • ·Iň gowy komediýa serial aktrisasy: Jin Smart – «Hileler» (Хитрости)
  • ·Iň gowy mini-serial: «Sugun çagasy» (Оленёнок)
  • ·Iň gowy mini-serial/telefilm aktýory: Kolin Farrell – «Pingwin» (Пингвин)
  • ·Iň gowy mini-serial/telefilm aktrisasy: Kristin Milioti – «Pingwin» (Пингвин)
  • ·Iň gowy telefilm: «Rebel-Rij» (Ребел-Ридж)
  • ·Iň gowy daşary ýurt serialy: «Kalmar oýny» (Игра в кальмара)

şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......