Argentinada Sarandi kanalynyň suwy gyrmyzy reňke boýaldy

  • 08.02.2025 21:13
  • 17k+

Buenos-Aýresde (Argentinada) La-Plata derýasyna guýýan Sarandi kanaly golaýdaky kärhananyň boýag syzdyrmagy netijesinde gyzyl reňke boýaldy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Argentinanyň paýtagtynyň 9,6 km günortasynda ýerleşýän Awelýaneda şäheriniň içinden geçýän bu kanal, senagat zyňyndylarynyň hapalaryndan şikaýat edýän ýerli ýaşaýjylary alada goýdy.
«La Verdad» atly ýerli gazetiň ýazmagyna görä, kanalyň suwundan «ýigrendiriji» ýakymsyz ys çykýar. Ýerli ýaşaýjylar bu ýagdaý üçin kanalyň golaýynda ýerleşýän derini gaýtadan işleýän zawody günäkärleýärler.
Ýerli ýaşaýjylara görä bu waka ilkinji gezek ýüze çykanok.

«Biz üstünde nebit ýaly ýag tegmilleri bolan gök, ýaşyl, gülgüne we benewşe reňkli suwlary öň hem görüp gelýäris. Sarandi kanalynyň näderejede hapalanandygyny görmek üçin inspektor bolmagyň zerurlygy ýok» diýip, Mariýa Dukomls atly ýaşaýjy öz pikirini beýan etdi.

Häkimiýet suwuň düzümini derňemek we onuň reňkiniň üýtgemegine nähili maddanyň sebäp bolandygyny anyklamak üçin bu sebite ýörite göçme laboratoriýa iberdi. Çaklamalara görä, bu ýagdaý organiki boýagyň suwa dökülmegi sebäpli ýüze çykan bolmaly.


düýn 07:08
3.1k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

15.02.2026 17:58
5.7k+

Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär...