2025-nji ýylyň ýanwar aýy bütin gözegçiligiň taryhynda iň ýylysy boldy

  • 08.02.2025 18:23
  • 4.7k+

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýeriň üstünde howanyň ortaça temperaturasy 13,23°C boldy, bu bolsa meteorologiýa gözegçiliginiň taryhynda iň ýokary görkezijidir. Bu barada Ýewropanyň uzak aralykdan zond bilen barlamak we kartografirleme gullugy Copernicus-a salgylanyp, TASS habar berýär.

“2025-nji ýylyň ýanwary planeta üçin iň ýyly ýanwar boldy, Ýeriň üstünde ortaça temperatura Selsiý boýunça 13,23 gradus boldy we bu 1991-2020-nji ýyllardaky ortaçadan 0,79 gradus ýokarydyr” – diýlip, gullugyň hasabatynda aýdylýar.

Senagatlaşmadan öňki dereje bilen deňeşdirilende, howanyň temperaturasy 1,75 gradus ýokary boldy. Bu eýýäm bir ýarym ýyldan gowrak wagt bäri ortaça görkezijileriň Pariž şertnamasynyň maksatly çäginden geçýändigini aňladýar. Alymlar munuň bolup biljek ýaramaz netijeleri barada duýdurýar.
Copernicus tarapyndan hödürlenen ýylylyk kartasynda ýyly ýanwar, esasan, Gündogar Ýewropada, Günbatar Sibirde, Alýaskada we Kanadanyň demirgazyk-gündogar sebitlerinde hasaba alyndy. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, demirgazyk-günbatar Fransiýada we Kamçatkada adatdakysyndan sowuk boldy.


düýn 09:51
2.2k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 12:26
909

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......