Syzdyrylan suratlar Xiaomi 15 Ultra-nyň iki reňkdäki dizaýnlydygyny we kamerasynyň jikme-jikliklerini açýar

  • 08.02.2025 16:09
  • 4.4k+

Xiaomi 15 Ultra-nyň garaşylýan satuwynyň öňüsyrasynda Hytaýyň sosial ulgamlarynda geljekki smartfonyň iki reňkdäki dizaýnyny görkezýän surat peýda boldy. Onuň stili professional Leica kameralaryndan ylham alýar diýip, Gizmochina ýazýar.

Smartfonyň Leica M11 uzakdan ölçeýji kamerasyna meňzeş, iki reňkli kümüşsöw-gara reňki bar. Korpusy, megerem, aýnadan we deriden ýasalan bolsa gerek.
Arka tarapynda enjamyň ýokarky ýarysyny tutýan ullakan tegelek kamera moduly bar. Modulyň içinde gerdejik görnüşli LED fleş, Leica nyşany we periskop telefon kamerasyny hem öz içine alýan dört kamera bar. Batareýanyň mümkin bolan kuwwatynyň 6000 mAh-dygyny göz öňünde tutsak, enjamyň agramy 200 gramdan ýokary bolup biler.
Leica nyşanynyň aşagyndaky “LEICA VARIO-SUMMILUX 1: 1.63-26 / 14-100 ASPH” diýen ýazgy Xiaomi 15 Ultra kamerasynyň jikme-jikliklerini açýar. Flagman öňküsi ýaly f / 1.63 esasy kamera diafragmasy bolan Leica Summilux obýektiwini alar.
Periskop teleobýektiwiniň f / 2.6 diafragmasy, 100mm ekwiwalent fokus uzynlygy, f / 9.828 täsir diafragmasy we 26,4mm fiziki fokus aralygy bolar. Ultra giň burçly obýektiwiň fokus aralygy 14 mm bolar.
Xiaomi 15 Ultra 28-nji fewralda Hytaýda Xiaomi SU7 Ultra awtoulagy bilen bilelikde tanyşdyrylar diýlip garaşylýar.


düýn 01:33
3.1k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...