Nýu-Ýorkdaky Taýms Skwerde Kriştianu Ronaldunyň bürünç heýkeli oturdyldy

  • 08.02.2025 12:59
  • 15k+

Nýu-Ýorkdaky Taýms Skwerde Kriştianu Ronaldunyň beýikligi 3,6 metr bolan heýkeli oturdyldy diýip, New York Post habar berýär.

Portugaliýaly futbolçynyň bürünç heýkeli onuň 40 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabaraly ýagdaýda açyldy. Ony dörediji italiýaly heýkeltaraş Serhio Furnari “Ronalduny diňe bir türgen hökmünde däl-de, eýsem milliardlarça adamy ruhlandyran medeni nyşan hökmünde görkezmek” isledi.
Heýkel Portugaliýanyň baýragynyň reňki bilen boýalan ýük ulagynda gurnaldy. Ol wagtlaýyn bolup, Nýu-Ýorkuň merkezinde uzak durmaz.
Heýkel janköýerleriň “Siu!” diýip gygyran sesleri bilen açyldy – Ronaldu öz goluny baýram edende şeýdip gygyrýar. Öz sosial ulgamlarynda Furnari futbolçynyň janköýerlerini dabara ýygnanmaga we dünýä rekordyny goýmak üçin hemmelere bilelikde “Siu!” diýip gygyrmaga çagyrdy. Bu başartdymy ýa-da ýok, heniz belli däl.

Heýkeltaraş futbolçyny “çydamlylygyň, kämilligiň we global jebisligiň nyşany” diýip atlandyrdy. Ol öz işiniň janköýerleri, şol sanda Ronaldunyň özüni ruhlandyrjakdygyna we oňa dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmaga kömek etjekdigine ynam bildirdi.
Kriştianu Ronaldu – dünýäde iň köp girdeji gazanýan türgen. Ol karýerasynyň dowamynda “Sporting”, “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid”, “Ýuwentus” klublarynda oýnady, Portugaliýanyň milli ýygyndysyny Ýewro-2016-da ýeňşe getirdi. Häzir ol saud “Al-Nasrynda” çykyş edýär.
Bu beýik futbolça bagyşlanan ilkinji heýkel däl. 2018-nji ýylda Madeýra adasynyň howa menzilinde türgeniň gülküli görünýän býusty oturdyldy. Ahyrynda ol has gowy wersiýa bilen çalşyldy. 


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......