Hemmeden köp aglady we $150 gazandy: Malaýziýada aglamak bäsleşigi geçirildi

  • 08.02.2025 11:12
  • 11k+

Malaýziýanyň Kelantan ştatynda «kim has gowy aglaýar» bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijisi Wakaf-Baru şäherçesinden gelen erkek adam boldy we oňa ýeňiş gazanan hökmünde 150 dollar pul baýragy berildi diýip, New Straight Times neşiri ýazýar.

Bäsleşigiň final tapgyrynda baş «aglak» üç garşydaşyny ýeňmegi başardy.
Bu bäsleşik Expo Kelantan çäresiniň çäklerinde gurnaldy we başy deslapky tapgyrlardan başlady. Başlangyç tapgyrlara jemi 25 adam gatnaşdy. Gatnaşyjylara gerek bolan duýgyny döretmek we olara degişli atmosferany bermek üçin gurnaýjylar täsirli we gamgyn fon aýdymyny goýberdiler. Şeýle-de diktor gatnaşyjylaryň hersiniň ýanyna mikrofon tutdy, şeýlelikde tomaşaçylar olaryň ýeňişli gözýaşlaryny eşitdiler.
Garaşylmadyk ýagdaýda bu täsin ýaryş uly üns çekdi. Bäsleşigiň sosial torlarda neşir edilen wideosy meşhur boldy we takmynan bir million adam tomaşa etdi.

«Men bu çäre beýle uly gyzyklanma döreder diýip garaşmandym» diýip, Expo Kelantan çäresiniň gurnaýjysy Muhamad Nur Amin Çe Nor Asri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu bäsleşik çäreleri has gyzykly geçirmek üçin, şeýle-de geçirilen çäreleri goldan tomaşaçylara minnetdarlyk bildirmek maksady bilen gurnalypdyr.


20.02.2025 00:08
2.6k+

Huawei Kuala-Lumpurda flagman gurluşlarynyň global tanyşdyrylyşyny geçirdi

18-nji fewralda Kuala-Lumpurda Huawei Consumer Business 2025 tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Hytaý kompaniýasy bu çärede dört sany täze gurluşyny hödürledi: üç eplenýän smartfon Huawei Mate XT Ultimate, täze planşet...

19.02.2025 23:47
2.2k+

Huawei kompaniýasy Huawei Mate XT Ultimate smartfonynyň global wersiýasyny hödürledi

18-nji fewralda Kuala-Lumpurda Huawei Consumer Business 2025 çäresi geçirildi we onda hytaý kompaniýasy dört sany täze gurluşyny hödürledi: üç eplenýän smartfon, planşet, nauşnik we fitnes-bilezik. Tanyşdyrylyş...

25.07.2024 12:34
19k+

Pensiýa ýaşda talyp bolan: malaýziýaly bir adam 70 ýaşynda lukmançylyk uniwersitetiniň diplomyny aldy

Malaýziýaly Toh Hong-Keng 70 ýaşynda lukmançylyk diplomyny aldy. South China Morning Post gazetiniň habar bermegine görä, ol Filippinleriň PHINMA Günorta-Günbatar uniwersitetini tamamlady. Neşirde haýsy hünär ugry...

15.01.2024 15:41
29k+

Dünýädäki iň beýik ikinji bina resmi taýdan açyldy

Malaýziýanyň Ýokary hökümdary (Ýang di-Pertuan Agong) Abdulla II Kuala-Lumpurda başy gökdirän Merdeka 118 binasynyň açylyş dabarasyny geçirdi. Ol Dubaýdaky Burj Halifadan soň dünýädäki ikinji iň beýik bina boldy...