Huawei Kuala-Lumpurda flagman gurluşlarynyň global tanyşdyrylyşyny geçirdi

  • 20.02.2025 00:08
  • 2.7k+

18-nji fewralda Kuala-Lumpurda Huawei Consumer Business 2025 tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Hytaý kompaniýasy bu çärede dört sany täze gurluşyny hödürledi: üç eplenýän smartfon Huawei Mate XT Ultimate, täze planşet, nauşnik we fitnes bilezigi.
Bu gurluşlaryň käbiri eýýäm deslapky sargyt üçin elýeterlidir.

Huawei Mate Pad Pro 13,2’’:
Planşet 2880x1920 piksel durulyk we 144 Gs täzelenme ýygylygy bilen 13,2 dýuýmlyk OLED ekranyna eýe boldy. Batareýa sygymy 10 100 mA/sag bolup, 0-dan 100%-e çenli 65 minutda zarýad alýar.
Gurluş hereket arkaly surata düşürmek tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Ol dürli aksessuarlar, şol sanda stilus we klawiatura bilen gabat gelýär.

MatePad Pro 13,2’’ – iş üçin niýetlenen iň inçe planşetleriň biri. Onuň ýogynlygy bary-ýogy 5,5 mm. Üç kamera bar: 13 Mp esasy, 8 Mp giňburçly we 16 Mp frontal. Ses üçin Huawei Sound goldawy bilen alty dinamikadan ybarat stereofonik ulgam jogap berýär.
Ýewropada planşetiň bahasy klawiaturaly 12+256 GB esasy wersiýa üçin 1049 ýewro, PaperMatte bilen örtülen we şol bir ýat möçberine eýe bolan görnüş üçin 1199 ýewro barabar.

Huawei FreeArc:
Gulakda ykjam oturmagy üçin gaňyrçak şekilli sport nauşnigi. Ol IP57 ülňüsi boýunça suwdan goragly we 28 sagada çenli işläp bilýär.
Nauşnik galyňlygy 0,7 mm bolan ýokary hilli nitinol ergininden ýasaldy. Onuň berkidilýän ýeri bolsa lukmançylyk silikonyndan we trikotaždan taýýarlandy. Öndüriji bu gurluşyň 20 000 gezek egreltmä çydamlydygyny we ilkibaşdaky formasyny yzygider 5 ýyla çenli saklap biljekdigini kepillendirýär.

Nauşniklerde ses üçin 17x12 mm ölçegli draýwerler jogap berýär. “Garşylyklaýyn ses tolkunlary” tehnologiýasy aýdymy daş-töwerekdäki adamlar eşitmez ýaly edýär. Şeýle-de, goşa mikrofon bolup, ol hatda 4 m/s tizlikdäki ýelde-de gürleýän adamyň sesini tutup bilýär.
10 minudyň dowamynda alnan zarýad 3 sagada çenli işlemäge mümkinçilik berýär.
FreeArc nauşnikleri 119 dollar baha bilen ýaşyl, ak we gara reňklerde elýeterlidir.

Huawei Band 10:
1,47 dýuým AMOLED ekranyna eýe bolan fitnes bilezigi ýürek ritminiň we emosiýalaryň seljermesi, 100-den gowrak türgenleşik režimi, ädimleri yzarlamak, ganyň düzümindäki kislorody, dartgynlylyk ýagdaýyny we ukyny seljermek ýaly saglyga gözegçilik funksiýalary bilen üpjün edildi.
Täze siferblatlar peýda boldy: Panda Huahua, Starry Vista, Power Joy, Super Watch. Eger pandaly siferblaty işjeňleşdirseň, wirtual haýwan ulanyjynyň şähdini görkezer.
Fitnes bilezigi adaty režimde 14 güne, saglyk trekingi we AOD bilen 8 güne çenli işläp bilýär. Onuň bahasy heniz belli däl.


16.12.2025 17:18
2.6k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.7k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.6k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

01.12.2025 13:33
3.8k+

Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy

Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar...