Çempionlar ligasynyň 5 gezek ýeňijisi Marselo karýerasyny tamamlady

  • 08.02.2025 11:39
  • 7.6k+

“Realyň” öňki goragçysy özüniň futboldaky ýoly barada gürrüň berýän we karýerasyndaky möhüm pursatlary ýada salýan wideony çykardy. Netijede, 36 ýaşly futbolçy özüniň karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

“Futbola bolan söýgim maňa kakamdan geçdi. Ol professional futbolçy bolmagymy isledi we muny üçin elinden gelenini etdi.
18 ýaşymdakam “Real” gapymy kakdy we şeýdibem men şu ýere düşdüm. Indi men hakyky madridçidigimi buýsanç bilen aýdyp bilerin. Bu ýerde aýalym ikimiz maşgala gurduk. 16 möwsüm, 25 kubok, Çempionlar ligasynda 5 ýeňiş, olaryň birinde kapitan hökmünde... We “Bernabeuda” geçirilen ençeme jadyly agşamlar. Ine bu hakyky başdan geçirme.
“Fluminense” gaýdyp gelmegim klubuň maňa başda edenlerini yzyna gaýtaryp bermek, Kopa Libertadores ýaly üç kubok almaga kömek etmek we “Marselo Wiýeýra stadiony” görnüşinde geljek nesillere miras galdyrmak isländigimi aňladýardy.
Futbolçy hökmünde ýolum şu ýerde tamamlandy, ýöne henizem futbola berjek zatlarym bar.

Marselo wideoda: "Hemme zat üçin sag boluň” diýýär.


şu gün 12:33
1.4k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.7k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
9.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
4k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......