Täze Sony kameralarynda indi suratlary gönümel bulut hyzmatlaryna ýükläp bolýar

  • 07.02.2025 18:34
  • 3.1k+

Sony kompaniýasy «Creators Cloud» atly bulut platformasyny täzeledi we kameralaryň käbir modellerinde suratlary gönümel «Google Drive» ýa-da «Adobe Lightroom» bulut hyzmatlaryna awtomatiki geçirmek mümkinçiligini hödürledi diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Bu täzelik media faýllaryny işlemek üçin kompýuter ýa-da smartfon ýaly goşmaça «köprüleriň» zerurlygyny aradan aýyrar, bu bolsa suratçylaryň işini ep-esli ýeňilleşdirer.
Täze funksiýa Sony kompaniýasynyň iň soňky kameralarynda elýeterli bolar. Olaryň hataryna FX3, FX30, A1, ZV-E10 II we A9 III hem degişlidir. Bu enjamlar Wi-Fi arkaly ýa-da Android, iOS we iPadOS ulgamlary üçin elýeterli «Creators App» programmasy arkaly, bulut hyzmatlarynda suratlaryň nusgasyny döretmäge mümkinçilik berýär. Ilki bilen suratlar Sony-nyň bulut hyzmatyna ýüklenýär, soň bolsa Google Drive ýa-da Lightroom-a geçirilýär.
«Creators Cloud» ulanyjylarynyň hemmesine 5 GB ýat mugt berilýär, eger-de bu hyzmat Sony kameralaryň üsti bilen ulanylýan bolsa, onda bu göwrüm 25 GB-a çenli artýar. Mundan başga-da, 100 GB ýat üçin aýda 5 dollar ýa-da ýylda 60 dollar, 500 GB üçin bolsa aýda 10 dollar ýa-da ýylda 120 dollar bolan premium tarifler hem bar.
Bilermenleriň pikirine görä, bu täze mümkinçilik Sony-nyň bazardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder, sebäbi beýleki öndürijiler hem eýýämden şuňa meňzeş funksiýalary ornaşdyryp gelýärler.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....