«OmniHuman-1» emeli aň guraly suratlary janly wideolara öwürýär

  • 07.02.2025 13:45
  • 5k+

TikTOk wideoplatformasyna eýelik edýän ByteDance hytaý kompaniýasy täze emeli aň (EA) ulgamyny tanyşdyrdy. «OmniHuman-1» atly bu ulgam suratlary tebigy we janly wideolara öwürýär. Bu ulgam adamyň bedeniniň keşbini doly janlandyryp bilýär diýip, TechCrunch habar berýär.

«OmniHuman-1» adamlaryň gürleýşine görä el we ýüz hereketlerini ýerine ýetirip bilýär. Öňki emeli aň modellerinden tapawutlylykda, ol diňe ýüz keşbini ýa-da bedeniň ýokarky bölegini däl-de, «tutuş bedeni» janlandyryp bilýär.
Soňky ýyllarda suratlardaky adamlary hereket etdirmekde, ýagny olaryň animasiýasynda ep-esli öňegidişlik gazanyldy. Şeýle-de bolsa, bar bolan usullar uly göwrümli wideolary döretmekde kynçylyk çekýär. Bu bolsa olaryň hakyky durmuşda ulanylmagyny çäklendirýär.
«OmniHuman-1» EA ulgamy 18 müň 700 sagatdan (2 ýyl 1 aýdan) gowrak adam wideo-maglumatlary bilen türgenleşdirildi. Onuň täzelikçi usuly dürli giriş maglumatlaryny – tekst, ses we beden hereketlerini birleşdirýär.
Geçirilen synaglaryň netijesinde, «OmniHuman-1» bar bolan beýleki ulgamlardan dürli görkezijiler boýunça üstün çykdy.
Bu usul arkaly ýasalan wideolaryň mysallaryna şu salgydan tomaşa edip bilersiňiz.


düýn 11:10
618

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....