Huawei geçen ýyl $118 mlrd girdeji gazandy – Xiaomi-den has köp, ýöne Apple-yň bir çärýekdäkisinden az

  • 07.02.2025 11:42
  • 5k+

Huawei kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Lýan Hua geçen ýyl kompaniýanyň girdejisiniň 118 milliard dollardan geçendigini mälim etdi diýip, Reuters habar berýär.

Bu girdeji, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, kompaniýanyň maliýe görkezijisiniň 22% ýokarlandygyny aňladýar. Soňky dört ýyl göz öňüne tutulanda, maliýe görkezijileri boýunça 2023-nji ýyl Huawei üçin iň gowy ýyl boldy. 2024-nji ýylyň netijeleri hem bu ösüşi dowam etdi.
Direktorlar geňeşiniň başlygynyň sözlerine görä, esasy ugurlar boýunça 2024-nji ýylyň netijeleri kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň çaklamalaryna laýyk geldi. Bu ýyl maglumat we kompýuter tehnologiýalary ugry durnuklylygyny saklar. Sarp edijiler pudagy bolsa täzeden ösüş ýoluna girer. Akylly ulag pudagy bolsa çalt ösmegini dowam etdirer. Şu faktorlaryň hemmesini göz öňünde tutup, olar ýyllyk girdejiniň 118,27 milliard dollardan geçjekdigine ynanýarlar.
Deňeşdirsek, Apple diňe geçen çärýekde 124,3 milliard dollar girdeji gazanypdy. Xiaomi bolsa 2024-nji ýylyň ilkinji üç çärýeginde 35,33 milliard dollar girdeji gazandy, kompaniýa entek dördünji çärýegi we ýyllyk netijeleri barada resmi hasabat bermedi.
Canalys kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, geçen ýyl Huawei Hytaýyň içerki smartfon bazarynyň 16%-ini eýeläp, Apple kompaniýasyny yzda galdyrdy. Bu statistika Huawei-niň ýolbaşçylarynyň beren beýanlary bilen hem tassyklanýar.


27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......