Apple taryhynda iň gowy çärýek barada hasabat berdi: üç aýda 124 milliard dollar

  • 03.02.2025 16:52
  • 3.6k+

Apple 30-njy dekabrda tamamlanan 2025-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň girdejisi barada hasabat berdi. Bu kompaniýanyň taryhynda iň gowy çärýek, girdejisi 124,3 milliard dollar boldy. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 4% köp.

Amal girdejisi 42,8 milliard dollara, arassa girdeji bolsa 36,3 milliard dollara ýetdi.
Girdeji iPhone satuwyndan hem-de dakynylýan elektronikany we aksessuarlary öz içine alýan “beýleki önümler” segmentinden başga ähli ugurlarda diýen ýaly artdy:
iPhone segmentindäki girdeji - 69,14 milliard dollar (bir ýyl ozal 69,70 milliard dollardy);
Mac segmentindäki girdeji - 8,99 milliard dollar (bir ýyl ozal 7,78 milliard dollardy);
iPad segmentindäki girdeji – 8,09 milliard dollar (bir ýyl ozal 7,02 milliard dollardy);
beýleki önümler segmentindäki girdeji (Apple Watch-y we AirPods-y öz içine alýar) - 11,75 milliard dollar (bir ýyl ozal 11,95 milliard dollardy);
hyzmatlar segmentindäki girdeji - 26,34 milliard dollar (bir ýyl ozal 23,12 milliard dollardy);
Jemi girdeji - 46,90%, taryhda iň ýokary görkeziji.
Hoş habaryň arasynda Apple-iň baş direktory Tim Kuk iPhone-yň geljeginiň “diýseň tolgundyryjydygyny” aýtdy we “birtopar innowasiýa çözgütlerini” söz berdi.


11.04.2026 14:59
6.5k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...