Täze Lexus LX 2025 tanyşdyryldy: bahalary we tehniki häsiýetnamalary

  • 07.02.2025 08:29
  • 15k+

Lexus ýolsuz ýerler üçin niýetlenen 2025-nji ýyl LX awtoulaglarynyň täze tapgyryny hödürledi we ähli görnüşleriniň bahalaryny ep-esli ýokarlandyrdy diýip, motor1.com neşiri habar berýär.

Hataryň başlangyç esasy modeli indi «LX600 Premium» boldy, onuň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4985 dollar ýokarlandy.
«LX700h Ultra Luxury» atly iň ýokary derejeli model bolsa has-da gymmatlady. Häzirki wagtda onuň bahasy 141 müň 350 dollar diýlip kesgitlenildi. Bahalaryň ýokarlanmagy, amatly bahadan hödürlenýän LX görnüşiniň aradan aýrylmagy bilen baglanyşdyrylýar.
Awtoulaglaryň täze görnüşlerine «Lexus Safety System+ 3.0» atly howpsuzlyk toplumy ornaşdyryldy. Bu toplum çaknyşyklaryň öňüni alyş ulgamyny, adatdan daşary ýagdaýlarda rulda kömekçi ulgamy we adaptasiýalaşdyrylan kruiz-kontrol ulgamyny öz içine alýar.

Bu ýylyň iň uly täzeligi «LX700h» atly gibrid modeli boldy. Ol 3,4 litrlik, iki turbinaly V6 benzinli hereketlendiriji, şeýle hem elektrikli hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Umumy kuwwaty 457 at güýjüne, öwrümiň momenti bolsa 791 Nm ýetýär.
Indi gibrid hereketlendirijiler diňe bir « LX700h Ultra Luxury» atly iň ýokary derejeli model üçin däl-de, «LX700h Overtrail» atly ýolsuz ýerler üçin niýetlenen täze görnüş üçin hem elýeterli ýeke-täk hereketlendiriji boldy.
«LX700h Overtrail» öňki we yzky diferensial blokirleme ulgamy hem-de ýoluň ýagdaýyna görä uýgunlaşyp bilýän ýörite tigirleri bilen tapawutlanýar. Onuň bahasy 115350 dollardan başlaýar, bu bolsa ony iň elýeterli gibrid LX modeline öwürýär.

Ynha, tanyşdyrylan ähli modeller we olaryň bahalary:

  • ·«LX600 Premium» – 106850 dollar;
  • ·«LX600 F Sport Handling» – 113850 dollar;
  • ·«LX600 Luxury» – 115850 dollar;
  • ·«LX700h Overtrail» – 115350 dollar;
  • ·«LX700h F Sport Handling» – 117850 dollar;
  • ·«LX700h Luxury» – 119850 dollar;
  • ·«LX700h Ultra Luxury» – 141350 dollar.

Lexus LX 2025-iň ähli görnüşleri 2025-nji ýylyň başynda satuwa çykarylar.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....